Bilimli nesil – kuwwatly Watan
Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylym adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr» diýip bellemegi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ýokary derejede ösdürilmegi ylym-bilim pudagy bilen berk baglanyşyklydygyny has ýokarda goýýar. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň derejesini kesgitleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda döredilip berilýän mümkinçilikleriň ählisi bilim pudagynda zähmet çekýän mugallymlaryň hyjuwyny joşduryp, zähmet üstünligini ýokarlandyrýar.
2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 12-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewanyň, Jemal Toryýewanyň, «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň mugallymy Maýa Halykberdiýewanyň, «Ylym» bölüminiň uly ylmy işgäri Bilbil Çaryýewanyň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi barada gepleşik taýýarlanyldy. Gepleşikde çykyş edenler, häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okuw maksatnamalarynyň, okuw meýilnamalarynyň döwrüň talabyndan ugur alnyp kämilleşdirilýändigi, okatmagyň multimedia-interaktiw usullaryndan giňden peýdalanylýandygy, talyp ýaşlary ylmy döredijilik işlerine çekmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler barada, okuw jaýynyň sanly bilim portalynda her bir mugallymyň elektron sahypasynda umumy we tejribe sapaklarynyň ýazgylar toplumy hem-de okuw geçmeklik üçin zerur bolan sanlylaşdyrylan maglumatlar girizilip, bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň okuw derslerine degişli gerek bolan maglumatlardan doly peýdalanmaga mümkinçiliginiň döredilmeginiň ýaşlaryň bilim derejesiniň kämilleşmeginde ähmiýetiniň ýokarydygyny jikme-jik belläp geçdiler. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýädiginiň aýdyň güwäsidigini buýsanç bilen bellediler. Ondan başga-da, talyp ýaşlaryň terbiýeçilik işi babatynda ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek boýunça wagyz-nesihat we terbiýeçilik işleri yzygiderli alnyp barylýandygy aýdyldy.
Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren ylmy kitaplaryny okanyňda tutuş döwre çuňňur düşünip bolýandygyny, Watanyňa bolan söýgüňi terbiýeläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan üstünlikli we egsilmez işlere buýsanç döredip, her bir beýik maksatly işlerimizde nusgalyk ýol ýörelgedigini bellediler.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri