Zehinli talyp ýaşlaryň ýürek buýsanjyna bagyşlanyp döredijilik söhbetdeşligi geçirildi

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda uludan toýlanan Türkmen alabaýynyň baýramy ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Bu baýramçylyk mynasybetli türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda döwlet derejesinde döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Döwlet derejesinde geçirilen bu bäsleşikde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýyna mynasyp bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyp ýaşlarynyň ýürek buýsanjyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlikde ýokary okuw mekdebiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Serdar Osmanowyň «Miras» atly nakgaş eseri, «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Bahar Batyrowanyň «Alabaýyň waspy» atly heýkel eseri şeýle-de, neşir önümleri boýunça «Binagärlik» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Ybraýym Ýaýlimowyň «Senenama 2027» atly dizaýn işi barada giňişleýin çykyşlary beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm