«Türkmen Alabaýy – wepadarlygyň nusgasy» atly döredijilik sergisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza sarpa goýulýan zamanada, türkmen halkynyň ady dillere ýaýrap, belent üstünlikleriň ýolunda gün – günden öňe barýar. 2026–njy «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda ýaşlaryň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşik sergileri yzygiderli geçirilýär. Şol sergileriň biri hem her ýylda yzygiderli geçirilmesi däp bolan türkmen alabaýlarynyň döredijilik bäsleşik sergisidir. Bu ýylky türkmen alabaýynyň döredijilik sergisi «Türkmen Alabaýy – wepadarlygyň nusgasy» diýlip atlandyrylyp oktýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde uly dabara bilen açylyp sungat muşdaklaryna ýetirildi. Döredijilik bäsleşiginde halkymyzyň dürli künjeklerinden zehinli suratkeşler gatnaşdylar. Olaryň arasynda biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlary we zehinli talyplary hem özleriniň ajaýyp nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk we dizaýn taslama işleri, zergär, haly keramika ýaly ajaýyp sungat eserleri bilen gatnaşyp, täze döredijilik pikirlerini beýan etdiler. Ýaş zehinleriň sungat serlerde türkmen halkynyň buýsanjy bolan alabaý itleriniň gaýduwsyzlygy, batyrgaýlygy, erjelligi, wepalylygy, edermenligi, uzak ýola gideniňde ýanyňa wepaly ýoldaşlygy görkezilip açyk şekillendirilýär.Ýaş suratkeşleriň döredijiliginde türkmen gymmatlygyna we öz hünärine bolan hormatyny, söýgüsini görmek bolýar. Şeýle döredijilik sergileriň yzygiderli geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň gymmatlyklarynyň galyberse-de, sungatynyň medeniýetiniň has baýlaşmagyna getirýär.
