«MAMA Mother Nature» (Ene Tebigat) atly halkara sergi açyldy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan «MAMA Mother Nature» (Ene Tebigat) atly serginiň dabaraly açylyşy boldy.
Bu sergi adamzadyň hem-de janly tebigatyň özara aýrylmaz arabaglanyşygyny emele getirmek bilen, ýaşaýan ajaýyp dünýämizi gorap saklamakdaky jogapkärçiligimizi häzirki zaman sungatynyň çeper dili arkaly açyp görkezýän halkara taslamasy bolup durýar.
Sergide birnäçe döwletleriň suratkeşleriniň, şeýle-de türkmen suratkeşleriniň biri birine meňzemeýän döredijilik taslamalarynda tebigatyň ajaýyp keşbi ene söýgüsi bilen sazlaşdyryp, bitewi bir çeper söhbeti sungat dili bilen beýan edilýär. Ene we tebigat hakynda beýan edilýän döredijilik pikirlerinde, baýlaşdyrmak we gözelleşdirmek baradaky bu halkara serginiň ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemek gerek.
«MAMA Mother Nature» (Ene Tebigat) atly halkara sergi 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabryndan 30-njy noýabry aralygyna çenli dowam edýär.
