«Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2026-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde özgerýän Watanymyzyň belent özgertmeleri, halkara derejesinde gazanylýan üstünlikleri, milli gymmatlyklary, maşgala gymmatlygy, gyz edebi, nesil terbiýesi hakyndaky öwüt-ündewleri, milli el işlerimiziň ähmiýeti barada giňden gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda türkmen zenanlary döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşýandygy we dürli ulgamlarda zähmet çekýändigi aýratyn bellenildi. Maşgala iň kiçijik döwlet bolmak bilen maşgalanyň berkligi jemgyýetimiziň agzybirligini, asudalygyny üpjün edýär. Watana bolan beýik söýgi, ilkinji edeplilik düşünjeleri, görelde her bir perzendiň maşgalasyndan başlaýar. Maşgaladaky terbiýäniň ähmiýeti perzent üçin örän uludyr diýip çykyşlarda bellenildi.Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, gyz gözelligi, edep-ekramy wagyz etmekde gymmatly çeşme bolan Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» we beýleki eserleri mynasyp orna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr» diýýär. Dogurdanam, türkmen zenanlarynyň akyl-paýhasy maşgalanyň berkliginiň binýady, jemgyýetiň esasy söýesidir. Maşgalanyň agzybirligini we berkligini goramakda zenanlaryň uly orny bar. Edep-terbiýäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem, özleriniň durmuş tejribesinde taplanan asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri, el hünärleri bilen gyz-gelinlere görelde bolupdyrlar diýip çykyş edenler bellediler.
