SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM WE SPORT – KÄMIL JEMGYÝETIŇ KEPILI

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk ruhuna beslendi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilip, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary barha ösdürilýär. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň naýbaşy eserleri hem sergilenildi. Her ýylda geçirilmesi däbe öwrülen bu sergide ýurdumyzyň bilim, ylym, sport, saglyk ulgamynda gazanan üstünlikleriniň baý mazmuna eýe bolmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde ýetilen belent sepgitleriniň buýsandyryjy netijesidir. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň eserleriniň sergisi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň görnüşlerine baý bolmagy häzirki wagtda ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimiň, öwredilýän hünäriň kämil miwesidir.
Bu sergi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze tehnologiýalar bilen tanyşmaga we öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga mümkinçilik döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiziň ösüş ýolunyň barha ösýändigini aýdyň görkezýär.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm