Taryhy wakalaryň beýany

2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tegelek stoluň başynda «Taryhy wakalaryň beýany» atly söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny barada çykyşlarda giňişleýin beýan edildi. Şu jähtden, 23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, halk bähbitli taryhy çözgütleriň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şöhratly ata-babalarymyzyň mizemez ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrülendigi barada bellenildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunda hem bedewlerimiz toýlaryň bezegine öwrüldi, baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumy döwrebaplaşdyryldy we dabaraly açyldy. Bularyň ählisi şanly baýramçylygymyzyň dabaralara beslenendigini aýdyň beýan edýär. Ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň esasynda toýlar bedewler bilen baglanyşdyrylýar, at çapdyrylyp, dabaralar uludan tutulýar. Munuň özi milli ýörelgelerimiz bilen birlikde toý-baýramlaryň dabarasyny has-da belende göterýär diýip, çykyş edenler ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm