Gahryman Arkadagymyzyň geçiren okuw sapagy nusgalyk mekdepdir

2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Gahryman Arkadagymyzyň geçiren okuw sapagy nusgalyk mekdepdir» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň, döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagynyň taryhy ähmiýetine bagyşlandy. Söhbetdeşlikde bu umumy okuw sapagyň uzak möhletleýin ylmy-terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup, onuň baş ýörelgesi watançylyk taglymatyna esaslanyp, halkymyzyň baý medeniýeti barada taryhy hakykatyň ylmy delillere esaslanyp beýan edilmegi dogrusynda beýan edildi. Gadymy milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň ruhy kuwwatynyň düýp mazmuny ýaşlaryň aňyna ýetirildi. Alym Arkadagymyzyň atalyk nesihatlarynyň geljekki nesiller üçin ruhy hazynadyr diýlip söhbetdeşlikde giň mazmunly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de şekillendiriş sungatynda ýaşlarymyzyň saýlap alan hünärinde gazanan döredijilik üstünlikleri dogrusynda çykyşlara orun berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm