«Altyn-kümüş elinde, aýdym-sazy dilinde» atly döredijilik duşuşygy geçirildi



2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Altyn-kümüş elinde, aýdym-sazy dilinde» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Aýjemal Çaryýewanyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Gülşirin Otuzowanyň, uly mugallym Mähri Hojaýewanyň gatnaşmagynda türkmen milli zergärçilik hem-de aýdym-saz sungaty bilen bagly çykyşlar ýerine ýetirildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Zergärçilik sungaty» hünärinde bilim alýan talyp ýaşlarymyz «Açyk sapak» görkezdiler. Görkezilen «Açyk sapak» Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýan talyp ýaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi. Döredijilik duşuşygy aýdym-sazly dabara beslenip şowhuny ýaş talyplarymyzyň göwünlerini galkyndyrdy.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm