Zehinli talybymyzyň üstünligi

2026-njy ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Stanok nakgaşçylygy» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Jumamyrat Gurbanow Kaliningradda ýerleşýän Tretýakow galareýasynyň şahamçasy tarapyndan gurnalan «Dünýäniň suraty» atly halkara sergi bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna özüniň «Maşgala bereketi» atly nakgaş eseri bilen gatnaşdy. Bäsleşige jemi 56 ýurtdan gatnaşan ýaş suratkeşleriň 1631-den gowrak nakgaş eserler hödürlendi. Döredijilikde tapawutlanýan zehinli talybymyz Jumamyrat Gurbanow «Dünýäniň suraty» atly 2026-njy ýyldaky ýaş suratkeşleriň 50 sungat eserleriň biriniň awtory hökmünde şahadatnama bilen sylaglandy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm