«Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijileri

Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli buýsanjy, dünýä medeni mirasynyň gymmatly hazynalarynyň biridir. Ahalteke bedewiniň taryhy ähmiýetini, gözelliginiň özboluşly aýratynlyklaryny we halkara derejesindäki şan-şöhratyny giňden wagyz etmek, atçylyk sungatyny ösdürmek hem-de halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde, ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik haly eserleriniň we fotosuratlaryň «Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigi geçirildi. Bu halkara bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda nakgaşçylyk ugry boýunça «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymlary Arslan Atahanow «Garaşsyz» hem-de Baýram Bazarow «Gözel ülkäm», heýkeltaraşlyk ugry boýunça «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň mugallymlary Patdyk Patdykow «Maşgala» we Ahat Mälikow «At-myrat», halyçylyk ugry boýunça «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa «Bedew», fotosurat ugry boýunça «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Nurmuhammet Ýolamanow «Behişdi bedewler» işleri bilen ganaşyp, ýeňiji boldular. Bu şatlykly waka bilen ir säher bilen ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda gutlanyş dabarasy geçirildi.
Baýragyňyz gutly bolsun! Size täze üstünlikleri we uly sepgitleri arzuw edýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm