Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty
2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şu aýyň başynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde Kronenberg şäheriniň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilen çärä ussat sungat işgärleri bilen bir hatarda ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.Gepleşikde «Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşiginiň şertleri boýunça nakgaşçylyk ugry boýunça «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanow «Garaşsyz» atly eseri hem-de heýkeltaraşlyk ugry boýunça «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň mugallymy Patdyk Patdykow «Maşgala» atly eseri bilen ýeňiji boldular. Gepleşikde ýaş mugallymlar özleriniň ýürek buýsanjlaryny joşgunlyk bilen beýan etdiler.
