«Hoşniýetli gatnaşyklar şekillendiriş sungatynda» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynda buýsandyryjy ösüşler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her bir güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ýurdumyzyň şekillendiriş sungaty ugrunda ýokary bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň guwandyryjy üstünlikleri dabaralanýar.
2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde «Hoşniýetli gatnaşyklar şekillendiriş sungatynda» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini gutlamak dabarasy geçirildi. Bäsleşige ýurdymyzyň ýokary hem-de ýörite çeperçilik mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň birnäçesi işjeň gatnaşdylar. Bäsleşik sergide talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde, şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, külalçylyk, zergärçilik, ugurlary boýunça döredilen sungat eserleri sergilendi. Döredijilik eserlerinde ýurdumyzyň asudalygy, parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklary watansöýüjilik ruhunda beýan edilýär.
Talyp ýaşlarymyzyň bäsleşige hödürlän sungat eserleri eminler tarapyndan seljerilip kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasyndan A.Rejepow, S.Garryýew, «Grafika» kafedrasyndan M.Atakowa, O.Polatowa, A.Akynowa, «Heýkeltaraşlyk» kafedrasyndan S.Jumaýew, A.Nurlyýewa, «Amaly-haşam sungaty» kafedrasyndan A.Annageldiýew, O.Aganyýazowa, G.Ýalkabowa, L.Karowa, A.Aşyrowa, Z.Sytdyhowa, Ç.Daşgynowa, M.Begatowa, A.Jumaýewa, A.Nurmedowa, H.Taganow dagylar ýeňiji bolup, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomlary we jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri