«Bilim – döwrebap özgertmeleriň berk binýady» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim – döwrebap özgertmeleriň berk binýady» atly ylmy-amaly maslahaty mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirildi. Bu maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Ş.Geldimämmedowanyň «Türkmen şygryýetinde peýzaž», Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy T.Durdyýewiň «Ylym-bilim milli ösüşiň derejesini kesgitleýär», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Z.Öweniýazowanyň «Türkmenistanyň milli ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeler», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallym-öwrenijisi A.Şalarowanyň «Ylym-bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy O.Gurbanowanyň «Gaznaly türkmen döwletinde ylmyň-bilimiň orny» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan ösüşler, ýaşlara döredilip berilýän mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüňler berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm