«Gabala 2026» halkara saz we sungat festiwaly

2026-njy ýylyň 29-njy iýuly – 3-nji awgusty aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde «Gabala 2026» halkara saz we sungat festiwaly geçirildi. Bu festiwal her ýyl dünýäniň ençeme ýurdundan ýüzlerçe sungat işgärini garşylaýar we müňlerçe tomaşaçyny, sungat muşdaklaryny bir ýere jemleýär. Festiwalyň çäginde gurnalan sergide dünýäniň çar künjünden gelen görnükli suratkeşleriň meşhur eserleri görkezildi. Ýaýbaňlandyrylan döredijilik sergisinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň zehinli mugallymy Gahryman Goçmyradow özüniň döredijilik eserleri bilen, şekillendiriş sungatynyň görnükli wekili hökmünde işjeň çykyş edip, türkmen sungatyny dünýä tanatdy.
Bu sergide türkmen şekillendiriş sungatyny, milli mirasymyzy dünýä tanatmakda Gahryman Goçmyradowyň şahsy goşandy üçin, «Steinhaer &Lüsk GmbH &Co KG"-nyñ döreden, Ýewropanyñ Adaty Ylymlary Akademiýasynyñ «Sakit Mämmedow» adyndaky «Ýokary sungat gymmatlyklaryny dörediji beýik adamlar» atly ýadygärlik medaly bilen sylaglandy. Zehinli mugallym Gahryman Goçmyradowy alan sylagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm