Döredijilik we ösüş ýoly bilen beýik sepgitlere

2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda medeniýet işgärleriniň gatnaşmaklarynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini dabaraly ýagdaýda we ýokary guramaçylykly geçirmek hem-de ýaňy ýakynda 16-17-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gruziýa Respublikasyna döwlet sapary barada giňişleýin gürrüňler boldy. Çykyşlarda türkmen halkynyň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreleriň geçirilýändigi barada bellenilip, şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyň dowamynda ýetilen belent sepgitleri, ylym-bilimde gazanylan üstünlikleri dogrusynda bellenildi. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyz bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaryň özara medeni-ynsanperwer dialog döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup, iki halky ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Bu döwletleriň ylym-bilim we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi hem-de taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmek meselesine aýratyn üns berilýändigi barada söbetdeşligiň dowamynda gürrüň berildi. Iki sany döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn ähmiýet berlip, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurdumyz Gruziýa bilen medeni, ylym-bilim we sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýarlyklary barada çykyşlarda bellenildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm