Türkmen we Azerbaýjan dostlugy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Ýakynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet iş saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Bu taryhy waka mynasybetli 2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Sergiler jaýynda «Türkmen we Azerbaýjan dostlugy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň ynsanperwerligi, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda beýan edildi. Hormatly Prezidentimize belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Mert atly bedew atynyň sowgat berilmegi hakynda çuň mazmunly gymmatly pikirler beýan edildi. Bu taryhy wakanyň Türkmen we Azerbaýjan halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetiniň ýokarydygy barada söhbetdeşlikde beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm