2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – umumadamzat mirasy» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Maslahatda Türkmen döwlet maliýe intitutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty J.Myradowanyň «Magtymgulynyň syýsy filosofiýasy», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy O.Atajanowanyň «Türkmen bedewiniň gözelligi medeni-taryhy miras hökmünde», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy «Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynda tutýan orny», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy «Magtymguly Pyragynyň eserlerinde milli terbiýe hakynda» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.