Ýaş alym bäsleşiginiň ýeňijileri
Her ýylda däp bolşy ýaly ýurdumyzda ylymlar gününe bagyşlanyp halkara derejede geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar we döredijilik bäsleşikler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda bellenip geçilen ylymlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy ýatdan çykmajak wakalary özünde jemledi. 12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça «Ýaş alym» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Serdar Jumaýew 1-nji orun we «Grafika» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Mämmet Wepaýew 3-nji orna mynasyp bolup akademiýamyzyň abraýyny ýokary derejä galdyrdylar. Zehinli talyplarymyzyň bäsleşikde aýratyn orunlary eýelemegi, halypa mugallymlarymyzyň alyp barýan döredijilik işleriniň we zähmetiniň miwesidigini aýdyň görkezýär.Talyp ýaşlarymyzy gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys!
