Zehinli okuwçylaryň döredijilik bäsleşigi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim-ylym ulgamlaryny dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmek baradaky syýasaty barha rowaç alýar. Türkmen şekillendiriş sungatynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýän döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Watanymyzyň halkara abraýy, hoşniýetli gatnaşyklary şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Döredijilik bäsleşigine gatnaşan çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň eserlerinde bagtyýar we parahat durmuşymyz, Watanymyzyň ajaýyp gözellikleri, ak şäherimiz Aşgabat, mähriban enelerimizi wasp edýän eserler görkezildi.
Bäsleşik sergisinde nakgaşçylyk eserleri bilen 1-nji orna E.Saparowa, M.Nurgeldiýew, 2-nji orna L.Bogdanowa, E.Dädebaýew, 3-nji orna E.Hojanazarowa, A.Orazmämmedowa, grafika eserleri bilen 1-nji orna A.Suwhanowa, S.Batyrow, 2-nji orna B.Orazmuhammedow, A.Rejepowa, 3-nji orna P.Meläýew, G.Şeripowa dagylar mynasyp boldular. Olar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri