2026-njy ýylyň 04-06-njy iýun aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň «Russkaýa pesnýa» teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Iki dostlukly döwletiň arasynda däbe öwrülen bu giň gerimli çäre milli däp-dessurlaryň özara baýlaşmagynyň janly we täsirli baýramçylygyna öwrüldi. Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň milli gymmatlyklary, zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalary, el keşdeleri we elde dokalan halylar sungata düşünýän tomaşaçylaryna türkmen halkynyň beýik çeper mirasy aýdyň görkezildi. Baýramçylyk çäresine rus edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatlary, alymlar, işewür jemgyýetiniň görnükli wekilleri hem-de köp sanly türkmen wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Şazada Orazberdiýew gatnaşdy. Şeýle-de baý mazmunly medeni çäräniň jemleýji wakasy hökmünde sungat ussatlarynyň konserti boldy.