«Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň uçurumlarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi


2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň ýaş uçurumlarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi. Alty ýylyň dowamynda çuňňur bilim alan ýaş talyplar özüniň ýiti zehinini döredijilik eserinde görkezdiler. Ýaş talyplar Mergen Akmyradowyň «Ahal welaýatyna niýetlenen metjit (Gökdepe metjidiniň makedi)», Merýem Durdymämmedowanyň Aşgabat şäherine niýetlenen «Häzirki zaman innowasiýa muzeýi» (Dutar monumentiniň makedi)», Parahat Ataýewiň «Aşgabat siti üçin niýetlenen ýokary tizlikli döwrebap demir ýol menziliniň taslamasy», Pälwan Babaýewiň «Aşgabat siti üçin niýetlenen sanly söwda bazarynyň taslamasy» ýaly işlerde geljekde ýurdumyzda täze taslamalarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ähmiýetlidigini bellenildi.
Zehinli talyplaryň ýerine ýetiren taslama işlerinde okuw ýyllarynyň dowamynda toplan tejribesiniň we çeperçilik ukyplarynyň derejesiniň ýokarydygyny görmek bolýar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm