Zehinli talyplaryň diplom goragy


2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungaty ugrunda alty ýyl bilim alyp, hünär öwrenen uçurym talyplaryň diplom goragy üstünlikli geçirildi. Uçurymlar öz toplan bilimini we çeperçilik ukyplaryny şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk ugurlary boýunça döredilen giň mazmunly döredijilik eserleri bilen çykyş edip subut etdiler. Diplom işleri boýunça açyk goraglara medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärleri we şekillendiriş sungaty söýüjiler işjeň gatnaşdylar.
Diplom goragyna gatnaşan ussat halypalar talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren sungat eserlerine ýokary baha berdiler. Geljekde bu sungat eserleriň ýurdumyzda bellenilip geçiriljek baýramçylyklaryň bezegi bolup, sungat dünýäsiniň gözellikleriniň waspy hökmünde seslenjekdigi barada buýsançly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm