Gadymy sungatyň – müdimi şöhraty

Türkmen zenanlarynyň zehininden, yhlasyndan döreýän, gözelligi we kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk halyçylyk sungatynyň hormatyna tutuş ýurdumyzda ylmy maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklarydyr bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dürli dabaralar ýatdan çykmajak pursatlary özünde jemleýär. Şeýle dabaralaryň biri-de 2026-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň “Arşyň nepisligi” atly ikinji bölümçesi hem-de döredijilik sergisi geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen mejlise daşary ýurtly myhmanlaryň birnäçesi, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, medeniýet, sungat işgärleri hem-de ussat halyçylar gatnaşdylar. Myhmanlar sungat ojagynda alnyp barylýan yzygiderli döredijilik işleri bilen içgin tanyşdyryldy. Soňra ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halyçylyk hünärinde bilim alýan zehinli talyplaryň ýerine ýetiren döredijilik eserlerinden gurnalan ajaýyp sergini synladylar. Sergide görkezilen halylaryň nusgawy nagyşlary, tebigatyň özboluşly gözelligi şekillendirilen surat eserleri, ahalteke bedewleri janlandyrylan türkmen halylary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi we olar zehinli talyplaryň döreden sungat eserlerine ýokary baha berdiler.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň “Arşyň nepisligi” atly ikinji bölümçesinde ylmy çykyşlar ýerine ýetirildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen halysynyň beýany dogrusynda, gadymy haly nagyşlarynyň taryhy, ylmy çeşmelerde haly hem-de haly önümleri hakynda gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylaryň, arhitektura ýadygärliklerinde haly göllerine meňzeş bezegleriň, halyçylyk sungatynyň ösüşiniň özboluşly aýratynlygy, häzirki zaman şekilli halylar barada giňişleýin gürrüň edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm