«Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady» atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde tassyklan «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli, döwlet muzeýleriniň we kitaphanalarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde gurnajak muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergileriniň hem-de kitap sergileriniň Tertipnamasyna laýyklykda 2026-njy ýylyň 25-30-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady» atly sergi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň sergisinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar görkezildi. Köp öwüşgünli fotosuratly gollanmalar we kitaplar talyplarda we mugallymlarda uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda guralan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisinde, esasan-da, gamyşgulak bedew atlarymyza bagyşlanan, şeýle-de halkymyzyň ruhy hem-de taryhy-medeni gymmatlyklaryny açyp görkezýän eserlerden düzüldi. Sergide görkezilen eserleriň ählisi türkmen şekillendiriş sungatynyň aýratynlyklaryny we gymmatlyklaryny beýan edýär.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm