Zehinli talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Döwletimizde ylym–bilim pudagynda örän  uly işler alnyp barylýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde zehinli talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisi gurnaldy. Bu guralan sergide talyplaryň eden işlerinde olaryň zehinlerini görmek bolýar. Geçirilen sergi ýaşlarda özüniň uly täsirini galdyrdy.

Şular ýaly duşuşyklary geçirmäge, okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!



Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm