Terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek şeýle-de “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna” laýyklykda ýokary we orta hünär mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen bilelikde geçiriljek wagyz-nesihat çäreleriniň Meýilnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyşlarda täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylyşy, ýaşlaryň jemgyýetdäki orny dogrusynda nygtaldy. Raýatlaryň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda zyýanly endiklerden daşda durmak, temmäkä garşy göreşmek bilen baglanyşykly bellenilip, adam bedeniniň ösüşine, saglyga, galyberse-de, jemgyýete örän ýaramaz täsir edýändigi barada giňişleýin düşünje berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm