Zehinli ýaşlaryň döredijilik sergisi

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa goýlup, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän döwrebap eserlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaş suratkeşleriň döredijilik ýolunda has-da kämilleşmäge ylham berýär. Şol ýollardan ugur alyp şekillendiriş sungatynda has-da kämil eserler döredilýär.
2026-njy ýylda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dowam edýän günlerinde maý aýynyň 21-ne Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda zehinli talyplar toparynyň döreden nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk eserlerinden taýýarlanan «Bagtyýar döwrümiziň gözel keşbi ýaşlarymyzyň döredijilik dünýäsinde» atly ajaýyp sergi açyldy. Sergide Güljan Şöhratgeldiýewanyň, Jumamyrat Gurbanowyň, Baýly Aýnazarowyň, Arzuw Ataýewiň, Serdar Jumaýewiň dürli tematiki eserleri sergilendi. Eserlerde Aşgabat şäherimiziň gözel künjeklerini, ahalteke bedewlerimiziň gözel keşbini, türkmeniň wepaly dosty alabaý itini, parahat ýurdumyzy şekillendirýän döredijilik eserleri tomaşaçylarda gyzykly täsirleri galdyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm