Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen – tagt

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan türkmen gelin-gyzlaryna mahsus edep-ekram barada talyp gyzlaryň arasynda ýaşuly wekilleriň gatnaşmaklarynda «Gyz edebi – il edebi» atly maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda kümüş saçly eneleriň, halypa mugallymlaryň eden çykyşlary talyp ýaşlara milli ýörelgelerimize bolan hormatyny has hem artdyrdy. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, gyz gözelligi, edep-ekramy wagyz etmekde gymmatly çeşme bolan Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri mynasyp orna eýe bolýar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm