Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuna hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini çeper sözüň güýji bilen dabaralandyrmakda aýratyn ukyplaryny görkezen, şeýle hem ýurdumyzyň döredijilik dünýäsine nurly gadam basyp, özüniň zehin-başarnygy bilen, tapawutlanan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginde ýokary döredijilik ukybyny görkezen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ogulsona Öwezmyradowa 3-nji orna mynasyp bolup, hormat haty bilen sylaglandy. Zehinli talybymyzyň gazanan üstünligi bilen gutlaýarys!

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm