Döredijilikde gazanylan üstünlikler
Ata-babalarymyzyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň netijesinde döredilen bedew atlarymyz türkmen topragynda kemal tapyp, müňýyllyklaryň dowamynda sungat derejesine ýetirildi. Milli mirasymyzy, ruhy-medeni baýlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklarymyza söýgüňi, buýsanjyňy has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onda hormatly Prezidentimizyň adyndan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine —Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Begençgeldi Amanowa «Türkmen bedew aty şaý-sep toplumy» atly eseri, dizaýn kafedrasynyň mugallymy Rustam Kurbanowa «Toýly Watanym» atly nakgaş eseri we heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Ahat Mälikowa «Türkmen bedew aty Toýly» atly heýkel eseri üçin baýraklar gowşuryldy.Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan döredijilik bäsleşigi milli gymmatlygymyza bolan sarpany, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki belent ruhuny, geljege ynamyny, ýaşaýşa bolan söýgüsini sungat eserlerinde dabaralandyrýar.
