Ahalteke atlary – ýyndamlygyň, çydamlylygyň we gözelligiň nusgasy
Özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň mizemez gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Ahalteke bedewleriniň özboluşlylygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi 2023-nji ýylda ahalteke atçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen tassyklanyldy.Türkmen halky däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bedew baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanyp dürli çäreler geçirilýär. Şeýle ajaýyp çäreleriň biride 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda «Ahalteke atlary – ýyndamlygyň, çydamlylygyň we gözelligiň nusgasy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Seýisleriň, atşynaslaryň we bu ugurdaky hünärmenleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, türkmen milli atçylyk sportuny ösdürmekde, bedewleriň ajaýyp keşbini şekillendiriş sungatynda wasp etmekde alnyp barylýan köpugurly işler hem-de türkmen milli seýisçilik tejribesi barada gyzykly söhbetler edildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan sergi geçirilen söhbetdeşlik bilen ajaýyp derejede sazlaşdy.
