Saglygym-baýlygym

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyş eden lukmanlar sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, ýokanç we möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin arassaçylyk-päkizelik işlerini öz wagtynda we talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdylar. Olar bilim-terbiýeçilik edaralarynyň her bir basgançagy boýunça köpçülikleýin häsiýetde arassaçylyk-gigiýenanyň talaplaryna laýyklykda işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, her bir adamyň şahsy päkizeligi saklamakda öňde durýan meseleler barada bellenilip geçildi. Şahsy päkizeligi saklamakda her bir adamyň ýerine ýetiriş düzgünleriniň berjaý edilmelidigini aýtdylar. Häzirki wagtda ýaz paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň üýtgäp durmagy bilen adam saglygyna edýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak üçin edilýän talaplary doly we gyşarnyksyz berjaý etmelidigini, gün tertibini kadaly gurnamagyň möhümdigini, şeýle-de okuw, iş we ýaşaýyş jaý otaglarynyň arassaçylygyny doly berjaý edip, olary arassalamakda gigiýenanyň talaplarynyň ýerine ýetirilmelidigini nygtap geçdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm