Türkmen bedewine bagyşlanan döredijilik sergisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň ykbaly has-da belende göterildi. Ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň wekilleri ykbaly arşa göterilen bedewlerimiziň gazanan beýik üstünliklerini döredijilik eserleri bilen wasp edýärler.
Türkmen halky däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanyp dürli çäreler geçirilýär. Şeýle ajaýyp çäreleriň biri-de 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň türkmen bedewleri – sungat äleminiň genji-hazynasy» atly mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisidir. Şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň ajaýyp keşbi şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň görnüşlerinde giňden beýan edilen sungat eserleri görkezildi. Bu döredijilik sergisi çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini şöhlelendirýär.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm