Watan mukaddesligi we sagdyn durmuş ýörelgeleri ýaşlara ündeldi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ruhybelent, sagdyn bedenli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgesine eýerilip, ýaş nesillerimiziň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.

2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, talyp ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa
ahlaklylyk, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek bilen bagly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi  edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.




Duşuşykda çykyş edenler bu möhüm sapagyň diňe bir bilim işgärleriniň däl, eýsem tutuş halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy waka öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda nesil terbiýesiniň aýratynlyklary bilen baglanyşykly öňe süren garaýyşlary, ýagny häzirki zaman türkmen jemgyýetinde milli ruhda terbiýelenen ýaşlary kemala getirmek, olary giň dünýägaraýyşly, kämil, ruhubelent, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän şahsyýetler bolup ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk barada nygtap geçdiler. Mundan başga-da milli kanunçylygymyz, ýol hereketiniň düzgünleri, saglyk we resminama dolanyşygynyň kadalary barada hem aýdyldy. Çykyş edenler: «Adam bütin ömrüne zähmet çekip ýaşaýar. Şeýle bolansoň, ýaş neslimize kiçilikden  zähmet terbiýesini bermek
wajypdyr» diýip nygtadylar.

Bu bolsa, ýaşlarymyzyň Watana bolan söýgüsini ösdürip geljege ynamyny artdyryp, ýaşaýyş durmuşyny nurlandyrýar. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeleri, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmytlyklarydyr. Türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi, bagtyýar şu güni hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys! Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, belent maksatly, döwletli
işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!


Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm