Güne garşy dogan Aýy, gözel sen

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan gurnalan «Güne garşy dogan Aýy, gözel sen» atly döredijilik duşuşygyna «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Nurtäç Annamuhammedowa, sungat ojagymyzyň zenan mugallymlary, talyp gyzlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak, maşgala mukaddesligi, el işleri, zenan suratkeşleriň döredijiligi we çeperçilik sergiler barada çykyşlar ýerine ýetirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm