Döwrebap lybaslarda milli öwüşginler atly döredijilik sergisi

Döwrebap bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen ýaşlaryna şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda bilim berilýär. Ine, şu gün hem 2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýokary okuw mekdebimiziň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň Nakgaşlyk kafedrasynyň zehinli talyby Jennet Agaýewanyň «Döwrebap lybaslarda milli öwüşginler» atly Milli Bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli döredijilik sergisini açylyş dabarasy boldy. Bu sergi adyndan belli bolşy ýaly, türkmen milli mirasynyň häzirki zaman sungaty bilen nähili sazlaşykly utgaşyp bilýändigini görkezýär. Jennet Agaýewa öz eserlerinde türkmen gyz-gelinleriniň lybaslaryndaky gadymy nagyşlary, reňk öwüşgünleri döwrebap stil bilen birleşdirip täzeçe garaýyş hödürleýär.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm