Sungat äleminiň bahary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly pederlerimiziň paýhasly ýörelgelerini mynasyp derejede dowam edip gelýär. Bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär.2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli «Sungat äleminiň bahary» atly zenan mugallymlaryň we talyplaryň sergisi açyldy.
