Hytaýyň sungat wekilleriniň kalligrafiýa boýunça ussatlyk sapagy
Ýurdumyzda Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Ýüpek ýoly karnawaly – Bahar baýramy festiwaly» atly bilelikdäki geçirilen medeni çäräniň çäginde 23-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Hytaýyň sungat wekillerini garşy almak dabarasy boldy. Hormatly myhmanlar sungat ojagynda alnyp barylýan döredijilik işleri bilen içgin tanyşdyryldy. Soňra döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmaklarynda kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk sapaklary bilen dowam etdi.Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän şeýle medeni duşuşyklar türkmen we hytaý sungatyny ösdürmekde hem-de wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu dostlukly we döredijilikli gatnaşyklar şekillendiriş sungaty ugrunda işleýän ýaş mugallymlara hem-de bilim alýan talyp ýaşlara öz tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik döretdi.
