«Bedew batly Watanym» atly sergi açyldy

2026-njy ýyl «Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly atly şygarymyz bilen ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamy gün-günden bedew batly ösüşlere eýe bolýar. Ýylyň şygaryna esaslanyp, biziň ýokary okuw jaýymyzyň Sergiler jaýynda «Bedew batly Watanym» atly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn fondundaky uçurymlaryň we talyp ýaşlaryň eserlerine bagyşlanyp sergi açyldy. Sergide çeperçilik akademiýasynyň Altyn fondunda saklanylýan uçurymlaryň eserleri milli sungatyň ösüş ýoluny, ýaş zehinleriň döredijilik gözleglerini we döwür bilen baglanyşykly çeper pikirlenmäni aýdyň görkezýän gymmatly çeşmedir. Şeýle-de döredijilik eserlerinde türkmen topragynyň gözelligini, bedew atyň mukaddes keşbini, halkyň ruhy kuwwatyny we ata Watana bolan söýgüsini esasy tema hökmünde öňe çykarylypdyr.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm