Silwiýa Formentiniň we italýan arhitektory Serjio Ferrandiniň gatnaşmaklarynda okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Italiýa Respublikasynyň «IDOGI» kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formenti hem-de arhitektory Serjio Ferrandi myhmançylykda boldular. Olar sungat ojagynyň «Altyn fondy» muzeýinde sergilenen zehinli talyplaryň kämil sungat eserleri bilen içgin tanyşdylar. Gadyrly myhmanlar ýurdumyzda iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Italýan dizaýn» günlerini geçirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryna, dizaýn we binagärlik hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlara Italiýanyň dizaýn we binagärlik sungaty barada okuw sapagyny geçdiler.Okuw sapagynyň dowamynda Italiýanyň häzirki zaman dizaýn we binagärlik sungatynyň ösüş aýratynlygy, döwrebaplygy barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de italýan myhmanlary ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy bilen ikitraplaýyn duşuşygy geçirdiler.
Goý, türkmen-italýan gatnaşyklary mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!
