Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň binýady
Mälim bolşy ýaly ýylyň şygarynda milli guwanjymyz bolan ahalteke bedewlerine aýratyn ähmiýet berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylan 2026-njy ýylyň şygarynda türkmen halkynyň beýik arzuwlary bedew batly ösüşe bolan ynamy şeýle hem geljege tarap batly gadamlary öz beýanyny tapýar.2026-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ajaýyp ýylymyzyň many-mazmuny we ähmiýeti barada döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynyň şygarynyň türkmen bedewi bilen baglanyşdyrylmagynyň özeninde halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän asylly ýörelgelerine ygrarlylygyň jemlenendigi hakyndaky täsirli çykyşlar beýan edildi. Bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi goýmak ruhunda terbiýelemek ugrunda möhüm wezipeleriň durýandygy bellenildi.
