«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp döredijilik duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhynyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýändigini barada bellenildi. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Watansöýüji, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Şonuň üçin hem, ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýanlygy bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar döredijilik duşuşygynda talyp ýaşlara ýetirildi.
