2026-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Bedew batly Türkmenistan» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýandygy barada aýdylyp, türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülendigi bellenildi. «At - myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrandyklary beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, ömrüniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.