Hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmatyny açyp görkezýän muzeý syýahaty

2025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk muzeýi» şahamçasyna hem-de Bitaraplyk seýilgäh zolagynda täze döredilen «Baky ýoluň» we «Bitaraplygy» muzeýlerine aýlanyp gördüler. Muzeý jemi üç binadan ybarat bolup, onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň üç sany Kararnamasy bilen berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhyna hem-de häzirki gününe bagyşlanýar. Gymmatly maglumatlar dogrusynda bu gurnalan gezelenç syýahatynda talyp ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm