Bäsleşigiň ýeňijileri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ýaş nesle berilýän biliminiň hilini ýokarlandyrmak babatynda beren görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Millletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Leýli Saparowa I oruna mynasyp bolup, şahadatnama bilen sylaglandy. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça geçirilen onlaýn bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Enegül Adaýewa III derejeli diplom hem-de ekologiýa babatda bilimleri, ekologiýa ylmynyň nazary we amaly ugurlaryny ösdürmek, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “Ekologiýa” dersi boýunça olimpiadasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Dawut Daňatarow III derejeli diplom bilen sylaglandylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm