Täze ýyl baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dekabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabarada sungat ojagymyzyň zehinli talyplarynyň gatnaşmagynda ajaýyp Watanymyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Belentden ýaňlanan ýakymly owazlarda Ata-Watanymyza bolan çäksiz duýgular beýan edildi. Dabaranyň dowamynda ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.
Bu ýyl Türkmenistanyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda gazanylan beýik işleriň ýyly hökmünde ýatda galar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm