“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşany

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň goşa ganatydyr, merdana halkymyzyň milli baýlygydyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Berkarar döwletimiziň öňe tarap ynamly gadam urmagynyň, mähriban halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň ygtybarly kepilidir. Şoňa görä-de, şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyz parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli syýasaty baýdak edinip, özüni dünýä giňden tanadan we gülläp ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanyma buýsanmaga doly haklydyr. Şeýlelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Parahat Ataýew “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyyllgy” atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglandy.
2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda mugallymlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmaklarynda ýaş talybymyzy gutlamak dabarasy geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm