Page 286 - Gujurly 2019
P. 286
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
286
portreti”, “Türkmenistanyň at gazanan artisti Göwher Muhammetgulyýewanyň
portreti”, “Ýaş we zehinli şahyr Kerim Hallyýew”, “Suratkeş Aleksandr Çaryýew”,
“Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewiň portreti”, “Radio alyp
baryjy artist Batyr Çaryýewiň portreti” ýaly portret eserlerde öz döwürdeşlerimiziň
hakyky keşpleri sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Belli rus sungaty öwrenijisi
Igor Grabar öz ýazan eserleriniň birinde şeýle belleýär: “Portret – bu adam hakdaky
ylymdyr” diýýär. Ol hakykatdanam mamla. Ýaş talyplaryň yhlasy we gujurlar y
siňdirilip döredilen bu portretler, geljekde ýaş nesillerimize medeniýetimiziň we
sungatymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşan wekillerimiziň ömürüni we
döredijiliklerini öwrenmäge ýardam berer.
Göwher Saparmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa
institutynyň aspiranty.
newashgabat.com