Page 285 - Gujurly 2019
P. 285
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI 285
GUJUR WE YHLAS SIŇEN
KEŞPLER
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy ýaşlara sungat we döredijilik
ugurlarynyň birnäçe görnüşleri boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriň biridir.
Bu ýerde talyplar sungatyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam,
sungaty öwreniş, binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça bilim alýarlar. Sungatyň bu
görnüşlerini ýaşlara öwretmekde halypa mugallymlaryň örän uly goşandy bardyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şahsy we tematiki sergileriň
birnäçesi gurnalýar. Şol sergileriň arasynda akademiýanyň taryhyna giren sergileriň
biri hem “Gujurly ýaşlar” sergisidir. Bu sergi çeperçilik akademiýasynda 2016-njy
ýylda döredilip, adat boýunça ol her ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda joşgunly
we şowhunly ýagdaýda geçirilýär. “Gujurly ýaşlar” sergisine döredijilik kämilliginiň
synag sergisi diýsegem ýalňyşmarys. Talyplar bu sergide özleriniň döredijilikde
alan bilimlerini döreden eserlerine siňdirip, zehinlerini, ukyp- başarnyklaryny we
gujurlaryny görkezýärler. Şu ýylyň dekabr aýynda geçirilen “Gujurly ýaşlar” sergisi
hem has täsirli we köptaraply boldy. Çünki, sergide bu ýokary okuw jaýyny üstünlikli
tamamlap giden uçurymlaryň 250-niň döredijilik eserleri bilen gatnaşmaklary, bu
sergä aýratyn uly öwüşgün çaýdy.
Sergide “Şekillendiriş sungatlary” fakultetiniň “Nakgaşçylyk we taslama”
kafedrasynyň talyplarynyň nakgaşçylyk sungatynyň köp ugurly peýzaž,
natýurmort, taryhy, sýužet, portret žanrlary boýunça ýerine ýetirilen eserleri haýran
galdyrdy. Aýratynam, portret eserlerinde bu žanryň ähli talaplary aýdyň ýüze
çykarylandygana göz ýetirmek mümkin. Muňa uçurymlar Çingiz Töräýewiň “Suratkeş
Gulnazar Begmyradowyň portreti”, Baky Sytdyhowyň “Heýkeltaraş Babasary
Annamyradowyň portreti” atly eserleri degişlidir. Eserlerde türkmen sungatynyň
beýik ägirtleriniň portretleri örän golaýdan, ýüzleri tomaşaça has ýakynlaşdyrylan
görnüşde şekillendirilýär. Ýaş suratkeş Baky Sytdyhowyň “Helkeltaraş Babasary
Annamyradowyň portreti” eserinde ýüzüň ähli bölekleri: gözler, gaşlar, burun, dodak
we ondaky ýylgyryş, ýüzdäki gasynlar we ýygyrtlar, buýram saçlar örän inçeden
yzarlanyp çekilýär. Suratkeşiň portreti çekmekde ulanan bu usuly keşbe janlylyk,
örän içginlilik berýär.
Talyp Ogulsuraý Rozygulyýewanyň “Juma Ýazmyradowyň portreti”,
“Aýdymçy Atajan Berdiýewiň potreti”, “Wladimir Mkrtumowyň portreti”, Yhlas
Allanazarowyň “Türkmenistanyň halk suratkeşi Rejepmuhammet Berdiýewiň
МС